Oýun sanawy


Anew şäherinde Ahal welaýatynyň mugallymlarynyň awgust maslahaty geçirildi
Ahal welaýatynyň baş bilim müdirliginiň gurnamagynda Anew şäherindäki Medeniýet öýünde «Halkara parahatçylyk we ynam ýyly» şygary astynda welaýat mugallymlarynyň awgust maslahaty geçirildi.
Maslahata etraplaryň bilim bölümleriniň ýolbaşçylary, mekdep we çagalar baglarynyň ýolbaşçylary, öňdebaryjy mugallymlar, welaýat häkimliginiň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň resmi sahypasynda habar berilýär.
Maslahatda bilim ulgamynda durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeleriň ýagdaýy, 2024–2025 okuw ýylynyň netijeleri we täze okuw ýyly üçin wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Okuw ýylynda ýokary netijeleri gazanan bilim işgärlerine welaýat bilim müdirligi we jemgyýetçilik guramalary tarapyndan Hormat hatlary hem-de ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Maslahatyň çäklerinde okuw-usulyýet gollanmalarynyň we taslamalarynyň sergisi hem guralyp, uly gyzyklanma döretdi.
Şeýle hem okanyň
Iň köp görülen


Türkmenistanda Biologiýa boýunça IV Halkara internet olimpiadasy geçiriler
Noýabr aýynyň 20-ne Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Biologiýa boýunça IV Halkara internet olimpiadasy geçiriler. Bu bäsleşige Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary gatnaşyp bilerler.
Biologiýa ylmy bilen gyzyklanýan we bu ugurda bilim alýan ähli talyplar olimpiadada güýç synanyşmaga çagrylýar.
Hasaba alyş prosesi 15-nji noýabra çenli açyk. Hasaba giren talyplara olimpiadadan bir gün öň görkezilen elektron poçta salgysyna giriş maglumatlary iberiler.
Goşmaça maglumat almak üçin:
uniwersitetiň sahypasy: www.tdlu.edu.tm (Halkara olimpiada bölümi);
telefonlar: +993-12-48-99-32, +993-63-58-51-11, +993-65-68-25-42;
elektron poçta: tdlu.iolimp@gmail.com.