Oýun sanawy


Ermenistanyň Prezidenti sapar bilen Türkmenistana geldi
Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Waagn Haçaturýan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin sapar bilen Türkmenistana geldi. Bu barada Ermenistanyň Prezidentiniň Metbugat gullugy habar berdi.
Türkmenbaşy Halkara howa menzilinde belent mertebeli myhmany Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow we beýleki resmi adamlar garşyladylar.
Ýeri gelende bellesek, Ermenistanyň Prezidenti Waagn Haçaturýan mundan ozal 2024-nji ýylyň oktýabr aýynda hem Türkmenistanda saparda bolupdy.
Şeýle hem okanyň
Iň köp görülen
Türkmenistanyň Prezidenti milli pul birliginiň — manadyň 32 ýyllygy bilen gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow raýatlary we bank ulgamynyň işgärlerini milli pul birliginiň — manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 32 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlady.
Döwlet Baştutany öz ýüzlenmesinde manadyň girizilmeginiň ýurduň ykdysady durnuklylygyny berkitmekde, maliýe garaşsyzlygyny üpjün etmekde we pul-karz ulgamyny ösdürmekde möhüm ädim bolandygyny belledi.
Prezidentiň nygtaýşy ýaly, bank ulgamy serişdeleriň dolanyşygyny üpjün etmekde, maýa goýumlaryny artdyrmakda hem-de häzirki zaman sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly maliýe hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmakda möhüm orny eýeleýär.
Gutlag hatynda şeýle hem bank ulgamynyň kanunçylyk binýadyny halkara ülňülerine laýyklaşdyrmak, elektron töleg ulgamyny giňeltmek we halkara maliýe guramalary, şol sanda Halkara Valýuta Gaznasy, Bütindünýä Banky hem-de “Fitch Ratings” agentligi bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça işleriň dowam etdirilýändigi bellenilýär.
Serdar Berdimuhamedow belleýär, häzirki wagtda Türkmenistan ilat başyna düşýän içerki önümiň derejesi boýunça ýokary girdejili ýurtlaryň hataryna girýär, şeýle hem halkara guramalaryň ählisi ýurduň durnukly ykdysady ösüşine oňyn baha berýär.
Döwlet Baştutany gutlagynyň ahyrynda ähli watandaşlaryna berk jan saglyk, abadançylyk we Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň ösüşine goşant goşmakda üstünlik arzuw etdi.