Oýun sanawy

18 Awgust. 06:01

Apple emeli intellekt bäsleşigine dolanýar: robot kömekçi, akylly displeýler we howpsuzlyk ulgamlary

Çeşme

Apple diňe programma üpjünçiligi bilen çäklenmän, täze enjamlaryň üsti bilen hem emeli intellekt bazaryna güýçli dolanýar. Kompaniýa häzirki wagtda robot kömekçi, akylly öý displeýleri we ösen howpsuzlyk ulgamlary ýaly birnäçe täze enjam üstünde işleýär.

Täze seriýanyň esasy bölegi — J595 kodly stoluň üstünde duran robot bolar. Bu robot 7 dýuýmlyk displeý bilen enjamlaşdyrylar we hereket edýän "boýny" arkaly adamyň hereketini yzarlap biler. Şeýle hem, ekran ýagdaýyny üýtgedip, adam bilen has interaktiw gatnaşyk saklap biler. Robot uly dil modelleri esasynda kämilleşdirilen täze Siri bilen işleýär we birnäçe adam bilen bir wagtda gürrüň edip biler.

Şeýle-de, kompaniýa J490 atly sadalaw akylly displeýi taýýarlaýar — bu model hereketli bölekler bolmazdan, ses bilen dolandyrylýar we öý awtomatizasiýa funksiýalaryny goldaýar. Iki enjam hem Charismatic atly täze operasiýa ulgamynda işleýär, bu ulgam multimedia widjetlerini we ýüz tanama tehnologiýasyny öz içine alýar.

Howpsuzlyk ugrunda Apple infra-görnüşli datçikler bilen enjamlaşdyrylan akylly kameralary döredýär. Bu kameralaryň diňe ýazga almak däl, eýsem, adamyň ýoklugynda ýagtylygy öçürmek ýaly öý işlerini awtomatlaşdyrmak mümkinçiligi hem bolar. Şeýle hem, ýüz tanamak arkaly gapyny açyp bilýän akylly jaň enjamy synag tapgyrynda.

Apple bu täze enjamlar bilen Amazon, Google we Samsung ýaly liderlere bäsdeş bolup, akylly öý we şahsy robotika bazarynda ornuny güýçlendirmegi we öz ekosistemasynda täze mümkinçilikleri açmagy maksat edinýär.

Iň köp görülen

31 Okt. 13:22

Türkmenistanyň bank ulgamynyň zenan işgärleriniň arasynda döredijilik bäsleşigi geçirildi

Çeşme

Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde ýurdumyzyň bank pudagynda zähmet çekýän zenanlaryň arasynda döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Oňa welaýatlaryň hem-de şäherleriň saýlama tapgyrlarynda öňe çykan ýeňijiler gatnaşdy.

Bäsleşigiň ilkinji tapgyrynda gatnaşyjylar Türkmenistanyň bank ulgamyndaky ösüşler, gazanylan sepgitler hem-de 2011–2030-njy ýyllar üçin bank ulgamyny ösdürmegiň Döwlet maksatnamasy esasynda alnyp barylýan işler barada gürrüň berdiler.

Ikinji tapgyrda gatnaşyjylar aýdym, dessan ýa-da goşgular bilen çykyş etdiler. Jemleýji tapgyrda bolsa olar dabaraly saçak taýýarlap, milli naharlaryň taýýarlanylyşyny görkezdiler.

Netijeler boýunça:

  • üçünji orun — Ahal, Lebap welaýatlaryndan we Arkadag şäherinden gelen gatnaşyjylara;

  • ikinji orun — Balkan welaýatyndan we Aşgabat şäherinden gatnaşyjylara;

  • birinji orun — Mary welaýatynyň wekillerine;

  • Baş baýrak — Daşoguz welaýatynyň gatnaşygyna berildi.

Ýeňijiler we baýrak alanlar hormat hatlary hem-de gymmatly sowgatlar bilen sylaglandy.
Bäsleşigiň dabaraly bölegi estrada ýerine ýetirijileriniň aýdym-sazly çykyşlary bilen tamamlandy.

Bäsleşik Türkmenistanyň Merkezi bankyTürkmenistanyň zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi we Türkmenistanyň kärdeşler arkalaşyklarynyň milli merkezi tarapyndan guraldy. Çäre Parahatçylyk we ynam ýylynaTürkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygynahemişelik bitaraplygyň 30 ýyllygyna, şeýle hem milli manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 32 ýyllygyna bagyşlandy.