Oýun sanawy


BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş Türkmenistana geldi
Şu gün Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş Hazaryň türkmen kenarynda geçirilýän BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak maksady bilen Türkmenistana geldi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, BMG-niň we halkara maslahata gatnaşyjy ýurtlaryň baýdaklary bilen bezelen Türkmenbaşy Halkara howa menzilinde belent mertebeli myhman mähirli garşylanyldy.
Bu ýerde BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişi türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow mähirli garşylady.
Şeýle hem okanyň
Iň köp görülen


Türkmenistanyň wekiliýeti Manasda GDA-nyň Serhet goşunlarynyň serkerdeleri Geňeşine gatnaşdy
Oktýabr aýynyň 30-da Gyrgyz Respublikasynyň Manas şäherinde geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) Serhet goşunlarynyň serkerdeleri Geňeşiniň mejlisine Türkmenistanyň wekiliýeti gatnaşdy.
Mejlise Azerbaýjan, Belarus, Gazagystan, Gyrgyzystan, Russiýa, Täjigistan, Türkmenistan we Özbegistan döwletleriniň serhet gulluklarynyň wekilleri, şeýle hem GDA ýerine ýetiriji komitetiniň, Geňeşiň utgaşdyryjy gullugynyň, Kollektiw howpsuzlyk şertnamasy guramasynyň (KHSG), ŞHG-nyň we Serhet gullugynyň weteranlarynyň halkara birleşiginiň wekilleri gatnaşdy diýip, GDA-nyň ýerine ýetiriji komitetiniň saýtynda habar berilýär.
Geňeşde GDA agza ýurtlarynyň daşky serhetlerindäki ýagdaýlar seljerildi hem-de olaryň howpsuzlygyny berkitmek boýunça goşmaça çäreler kesgitlenildi.
Şeýle hem GDA-nyň Terrorçylyga garşy merkezi, Jenaýatçylyk bilen göreşi utgaşdyryjy býuro we ŞHG-nyň sebit terrorçylyga garşy gurluşy bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Geňeş 2025-nji ýylyň jemleri boýunça ýerine ýetirilen işleri seljerip, indiki döwür üçin ileri tutulýan ugurlary kesgitledi. Jemi 22 çözgüt kabul edilip, olar serhet howpsuzlygyny berkitmäge hem-de GDA ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirildi.
Mundan başga-da, serhetleri goramakda aýratyn göreldelik görkezen harby gullukçylara Geňeşiň karary bilen sylaglar gowşuryldy.