Oýun sanawy


Höwesjeň arheolog Oliwer Ridl Germaniýanyň Köln şäheriniň etegindäki meýdanda imperator Adrianyň döwrüne degişli kümüş teňňeleriň iri hazynasyny tapdy. «The Guardian» neşiriniň habar bermegine görä, bu tapyldy Germaniýanyň çäginde ýüze çykarylan gadymy rim hazynalarynyň iň ulusy hem-de dünýä boýunça möçberi babatda bäşinji uly tapyndy diýlip yglan edildi.
Tapylan hazyna umumy agramy 3,1 kilograma deň bolan 934 sany dinariden ybaratdyr. Hünärmenleriň we arheologlaryň ilkipagtyçalaň bahalandyrmalaryna görä, bu gadymy teňňeleriň häzirki zaman bazaryndaky bahasy 500 müň ýewro ýetip biler.
Taryhy seljermelere görä, hazyna II asyryň ikinji ýarymynda ýer astyna gömlüpdir. Tapyndynyň iň gadymy teňňeleri b.e. öňki 148-nji ýyla degişli bolsa, iň soňky zikgelenen teňňeler b.e. 125-nji ýylynda imperator Adrianyň şekili bilen zikgelenipdir. Häzirki Köln şäheriniň ýerleşýän çägi b.e. öňki 39-njy ýyldan tä b.e. 459-njy ýylyna çenli Rim imperiýasynyň golastynda bolupdyr.
Arheolog Erih Klassen teňňeleriň banking ulgamy bolmadyk döwürde amana goýulmak maksady bilen gömülendigini belledi. Taryhçylaryň maglumatyna görä, Rim esgeriniň ýyllyk haky takmynan 300 denariýa deň bolup, munuň bir bölegi iýmit we harby enjamlar üçin tutulypdyr. Şunlukda, 934 denarini toplamak üçin bir legioner öz gazanjyny takmynan alty ýyllap hiç hili sarp etmän ýygnamaly bolupdyr.
Şeýle hem okanyň


Günorta afrikaly ýazyjy emeli aňyň kömegi bilen 370-den gowrak kitap neşir edip, 1 million dollar gazandy
24 Okt. 13:11Koral Hart lakamy bilen tanalýan günorta afrikaly ýazyjy soňky 20 aýyň dowamynda emeli aň ulgamlarynyň kömegi bilen 371 sany kitaby ýazyp, neşir etmegi başardy. Yerli «EWN» radiosynyň habar bermegine görä, öň 14 ýyllap neşirýat ulgamynda zähmet çeken awtor 2025-nji ýylyň fewralynda emeli aň teknolojialaryny özleşdirip, gysga wagtyň içinde doly derejeli romanlary döretmäge mümkinçilik berýän hususy ulgamyny işläp düzdi. Ýazyjy her bir eseriň sýužetini, stiline hem-da каarakterlerini özi kesgitläp, emeli aňa meýilnama berýär, alnan garalama bolsa jemleýji tapgyrda awtor tarapyndan redaktirlenýär.
Täze romany döretmek üçin emeli aňa bary-ýogy 45 minut töweregi wagt gerek bolup, taýýar tekst iki gezek neýroulgamdan geçirildikden soň adam tarapyndan okalyp, neşire taýýarlanýar. Awtor öz kitaplarynyň 1 milliondan gowrak nusgasyny satmagy başardy we 2026-njy ýylda 1 million dollardan gowrak peýda gazandy. Ýazyjynyň emeli aň bilen bilelikde döreden söýgi romanlarynyň biri hatda «Amazon» platformasynyň iň geçginli 100 bestselleriniň hataryna girmegi başardy.
Häzirki wagtda Koral Hart öz eserlerini sanly, çap edilen we audio formatlarda okyjylara hödürleýär hem-da özüni täjirçilik edebiýatynda täze eýýamyň düýbüni tutujy hökmünde görkezýär. Şeýle hem ol emeli aňdan peýdalanmak ýoly bilen kitap ýazmak dyesinde beýleki awtorlar üçin «Authorythm» diýlip atlandyrylýan ýörite programma üpjünçiligini taýýarlaýar. Bu täsin tejribe edebiýat äleminde emeli aňyň amaly mümkinçilikleriniň täze sahypasyny açdy.