Oýun sanawy


«Sanly Bilim IQ007» - çagalaryňyz üçin täzeçil çemeleşmeler
21 Awgust. 04:43Häzirki döwürde ene-atalar çagalary üçin diňe gowy bilimi däl, eýsem olaryň gizlin mümkinçiliklerini açmaga, aňyny we ynamyny ösdürmäge gönükdirilen aýratyn programmalary hem gözleýärler. Aşgabatda şu ugurda üstünlikli işleýän okuw merkezleri bar.
«Sanly Bilim IQ007» — Russiýada döredilen we häzirki wagtda dünýäde tanalýan intellekti ösdürmek we çalt okamak boýunça innowasion usullary bilen meşhur bolan franşiza. Merkeziň okuw usuly çagalaryň ýadyny, pikirlenişini we ünsüni ösdürmäge gönükdirilýär. Okuw ugurlaryna çalt okamak, intellektual iňlis dili, kaligrafiýa we dogry ýazuw girýär. Bu ýerde çaga diňe täze bilim alman, eýsem giňden pikirlenmegi, maglumatlary çalt özleşdirmegi we okuwda üstünlik gazanmagy öwrenýär. Merkeziň maksady — her bir çaganyň mümkinçiliklerini açyp, öz güýjüne ynam döredip bermekdir.
web sahypa: www.ig007.ru
Telefon: +99371518463
Email: ashgabat@iq007.ru
Instagram: @ig007_ashgabat
Şeýle-de üstünlikli işleýän Step by Step çagalar studiýasy kiçi ýaşly çagalaryň irki ösüşine gönükdirilýär. Bu ýerde çagalaryň ilkinji ýyllaryndan başlap zerur ukyplary we endikleri ösdürmek üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Studiýa ene-atalar bilen işleşýär, terbiýe we ösüş boýunça maslahatlar berýär, şeýle hem dürli pedagogiki hyzmatlary hödürleýär. Çagalaryň jemgyýete ýeňil uýgunlaşmagyna we geljekki okuwlaryna taýýar bolmagyna ýardam edýär. Bu ýer diňe bilim däl, eýsem çaganyň şahsyýetiniň sazlaşykly ösmegine hem uly ähmiýet berýär.
Telefon: +99371468388
Instagram: @stepbysteptm
Bu iki merkeziniň maksady bir: çagalaryň mümkinçiliklerini açmak. «Sanly Bilim IQ007» intellektual esas döredýär, Step by Step bolsa iň kiçi ýaşlylaryň ösüş ýolunda ilkinji ädimlerini ynamly etmelerine ýardam berýär. Olaryň birleşen tagallasy bilen her bir çaganyň öz ukyplaryny durmuşa geçirip, üstünlik gazanmagy mümkin bolýar.
Şeýle hem okanyň
Iň köp görülen


PartyBoom - hemmeler üçin şatlyk!
21 Awgust. 04:29