Oýun sanawy

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagy halkara forumyna taýýar

25 Iýul. 10:40

2025-nji ýylyň 4–8-nji awgusty aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahaty geçiriler. Şu möhüm halkara forumyna taýýarlyk işleri häzirki wagtda giň gerimde alnyp barylýar.

Bäş gün dowam etjek forumyň çäklerinde syýasy-diplomatik, ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlary öz içine alýan giň gerimli çäreleriň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Forumyň dowamynda işewür duşuşyklar, mowzuklaýyn sergiler, medeni çäreler we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň medeniýet günleriniň geçirilmegi göz öňünde tutulýar.

Forumyň dowamynda mejlisler, mowzuklaýyn “tegelek stol” maslahatlary, şol sanda Günorta-Günbatar hyzmatdaşlygy boýunça ministrler duşuşygy parlament forumy, hususy pudagyň forumy, raýat jemgyýeti forumy, ýaşlar forumy, zenan ýolbaşçylaryň duşuşygy we aragatnaşyk boýunça birnäçe çäreler geçiriler.

Şeýle-de forumda halkara guramalar, gatnaşyjy döwletler we Türkmenistanyň wekilleri tarapyndan birnäçe tematik çäreleriň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Olar ýerüsti ulag, halkara ynanyşmak, ýaşlar syýasaty, durnukly energetika we sirkulýar ykdysadyýet ýaly möhüm ugurlary öz içine alar.

Maslahata 32 döwletiň ýolbaşçylarynyň, hökümet wekilleriniň, BMG agza ýurtlaryň we Guramanyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagyna garaşylýar. Şeýle hem halkara guramalar, parlamentleriň agzalary, maliýe institutlary, jemgyýetçilik guramalary hem-de hususy pudagyň wekilleri gatnaşarlar. Forumyň maksady deňze çykalgasy bolmadyk ösýän ýurtlaryň kynçylyklaryny ýeňip geçmäge, mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge we olaryň ösüş ýolunda täze mümkinçilikleri açmaga ýardam bermekdir.

 

 

                                                                                                                                       Kemal WELMÄMMEDOW,

                                                                                                                          Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

                                                                                                                                  Halkara gatnaşyklary institutynyň

                                                                                                                        Halkara žurnalistikasy fakultetiniň II ýyl talyby.

















Iň köp görülen

«Sanly Bilim IQ007» - çagalaryňyz üçin täzeçil çemeleşmeler

21 Awgust. 04:43